«Baýram han Türkmen» sahnada

Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky teatrynda taýýarlanan «Baýram han Türkmen» spektaklynyň görkezilişi köp adamly boldy.

Baýram han Türkmen baý edebi miras galdyran ajaýyp şahyr we filosof bolupdyr. Onuň döredijiligi watansöýüjilk, ynsanperwerlik we halk edermenligi ideýalaryna esaslanypdyr. Zehinli şahyryň we gaýduwsyz serkerdäniň ykbalyndan ruhlanan režisýor Öwezmämmet Galandarow döwrüň baý medeni-taryhy galkagyny açyp görkezýän spektakly sahnalaşdyrdy.

Perde syrylandan tomaşaçylar alys eýýamyň durmuş ummanyna aralaşýarlar. Kaşaň sahna bezegeleri gadymy Günorta Aziýanyň dünýäsini aňladýar. Mälim bolşy ýaly, türkmenleriň baharly taýpasyndan bolan Baýram han Türkmen Hindistanda Beýik Mogllar döwletinde hökümdar bolýar.

Parasatly hökümdar Baýram hanyň keşbini Myrat Satyýew ussatlyk bilen açyp görkezipdir. Aktýor gahrymanynyň öňdebaryjy pikirlerini tomaşaça ýetirmegi başarypdyr.

Döredijilik toparyň wekilleriniň aýtmagyna görä, artistler üçin her bir teatr gözden geçirilişi uly wakadyr. Döredijilik forumynyň giň meýdançasynda hemişe özara pikir we tejribe alyşmaga mümkinçilik bar, bu bolsa ýurduň teatr sungatynyň ösmegine ýardam edýär.

TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY

Garaşylýar..