«Bu meniň ejem!» oýny barada
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr bölüminiň 2-nji we 3-nji ýyl talyplarynyň Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Jennet» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyran «Bu meniň ejem» sahna oýnunyň tabşyrma görkezilişi boldy.
Pýesada maşgala gatnaşyklarynyň örän çynlakaý temasy gozgalýar, bu gatnaşyklarda maşgalanyň her bir agzasy özüni alyp barşyna ýakynlarynyň salamatlygynyň baglydygyna düşünmelidir. Jennet bilen gaýynenesiniň arasynda bolup geçen sene-mene zerarly maşgalada birnäçe ýakymsyz ýagdaý ýüze çykýar. Dogry, wagtyň geçmegi bilen, ähli zat ýerbe-ýer bolýar. Emma öýdäki dawa-jenjel Jennetiň ejesiniň hassa ýüregine täsirini ýetirýär.
– Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Jennet» atly pýesasynda baş gahryman ejesini elden berýär – diýip, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanow bu oýun barada aýdýar. – Ýöne biz bu eseriň ýordumyny üýtgedip, betbagtçylykdan sowa geçmek kararyna geldik. Biziň nusgamyza görä, Jennete dahylly bu ýakymsyz zatlaryň ählisi düýşde bolup geçýär. Ol çuňňur ökünç içinde oýananda, ejesiniň öýe girendigini görýär. «Bu meniň ejem!» diýip gygyrýar. Indi Jennet oýlanyşyksyz hereket etmez, çünki onuň nähili netijä eltip biljekdigini bilýär.
Oýnuň režissýory teatr bölüminiň drama režissýory hünäri boýunça üçünji ýyl talyby Gülşat Pygamowa. Gülşat bu hekaýaty tomaşaçylara ygtybarly ýetirmegi başarypdyr.
Ähli keşpler rahat, edil durmuşda bolýan ýaly tebigy görnüşde ýerine ýetirilýär.
Sahna suratkeşi Dünýägözel Durdyýewa döredijilikli işläpdir. Onuň taýýarlan sahna bezeginde köp zat ýokdy, şeýle-de bolsa, hereketiň bolýan ýeri anyk bellidi.
Bu oýun durmuşy paýhasy bilen özüne çekýär, maşgala ojagynyň asudalygyny gorap saklamak üçin zerur bolan sabyr-takatlylygy diňe bir gelinlere däl, eýsem, ähli maşgala agzalaryna-da öwredýär.