Gogolyň keşbini döretdiler
Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Nikolaý Gogolyň «Öýlenmek» pýesasy boýunça spektakl taýýarlanylýar. Bize premýeradan öňki görkezilişe gatnaşmak miýesser etdi, teatr sungatynyň muşdaklaryna, belki, täze oýun barada käbir zatlary bilmek gyzykly bolsa gerek.
Russiýanyň alys şäherleriniň biriniň 19 asyr ýigitleri we ýetişen gyzlary barada gyzykly wakanyň gahrymanlarynyň keşbini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýorlyk we režisýorlyk fakultetleriniň dördünji ýyl talyplary döretdiler.
Oýna syn edip otyrkam olaryň öz gahrymanlarynyň häsiýetlerini açyp görkezmekden we ýaşlyk hyjuwyndan, zehininden, çeper tilsimlerinden kemala gelýän döredijilikden lezzet alýandyklaryna göz ýetirdim.
«...Nikanor Iwanowiçiň dodagyny Iwan Kuzmiçiň burnuna ýelmeseň, onsoňam Baltazar Baltazarowiçiň bihaýalygyndan az-kem alyp, üstüne Iwan Pawlowiçiň daýawlygyny goşaýsaň – ond-a şu sypat adama hökman barardym» -- özüne birbada bäş kişi söz aýdan täjir gyzy Agafýa Tihonowna pikir edýär. Onuň ýokary gatlagyň wekiline durmuşa çykmaga hyjuwy özüne aşyklaryň ählisiniň bişow, boş adamlardygyny görmäge mümkinçilik bermeýär.
Pýesanyň beýleki bir gahrymany Podkolesin has üýtgeşik adam. Bir tarapdan, ol öýlenmäge garşam däl, ýöne başga bir tarapdan – ýaýdanjaňlygy, durmuşyny üýtgetmekden çekinmegi, nämämilm durmuşdan gorkusy sebäpli edil toýuň öň ýany gaçyp gidýär.
Pýesada jüpüne düşen ötgür sözler kän, olar komediýa üýtgeşik grotesk äheň berýär.
Spektaklyň režisýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maral Durdyýewa ýaşlara: «Ruslara mahsus häsiýetleri ulanyň, ýöne çişirmäweriň» -- diýip maslahat berýärdi. Talyplar wezipä aňryýany bilen hötde geldiler. Gülkünç bilen hakykata golaýlygyň arasyndaky inçejik çelgä takyk eýerilýär.
Spektakl şadyýan çykypdyr, artistleriň hersi öz keşbini edil baş keşp ýaly oýnaýardylar, indi oňa tomaşaçylar baha bermeli. Gahrymanlaryň egin-eşikleri, sahna we saz bezegi oýnuň konsepsiýasyna sazlaşyk berip, her bir gahrymanyň häsiýetini anyk nygtaýar.
Şemşat Hojiýewanyň gahrymany Agafýa Tihonowna Podkolesini saýlaýar, onuň keşbini Kemal Annaýew döredýär. Muňa erjel Koçkarýow sebäp bolýar, onuň keşbini Ata Şirliýew ýerine ýetirýär. Jennet Gurbangulyýewanyň ýerine ýetirmeginde sawçy Fýokla Iwanowna tükenmez gujur-gaýratlylygy bilen ýatda galýar. Döwran Arabalyýewiň birbada hyzmatkär Stepanyň we öýlenýän ýigit Aniçkiniň keşbini döredýändigini tomaşaçylar aňmasa gerek.
Gogolyň «Öýlenmek» pýesasy boýunça spektakl medeniýet institutynyň talyplary üçin ýyllyk hasabat işidir. Olar bu oýun üçin ýokary baha alsa gerek, talyplar teatrynyň repertuary bolsa kreatiw äheňde berlen nusgawy eser esasynda goýlan komediýa bilen baýlaşar.