«Çynymy aýtsam»

  Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Çynymy aýtsam” ady bilen täze sahna eseri goýuldy. Bu dramany Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Aýmämmet Işangulyýew sahnalaşdyrdy. Sahna bezegini suratkeş Dünýägözel Durdyýewa,              saz bezegini Serdar Kerimow, yşyk bezegini Myrat Batyrow  ýerine ýetirdiler. Sahna eseriniň awtory  Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Aýmämmet Işangulyýew.

Pýessada Myrat aganyň gyzyna sawçylyga gelýärler. Myrat aga öz gyzyny gurply maşgala bermegi ýüregine düwýär. Gyzyň bolsa halaşýan ýigidi bar. Bir gün Myrat aganyň ejesi düşüne girip, oňa gyzynyň ykbalyna ýüzleý garaýandygyny aýdaýar. Myrat  aga  ejesinden maslagat soraýar. Ejesi oňa köne kümelerinde atasyndan galan gury çaýyň bardygyny, şol çaýdan kim demläp işse diňe hakykaty aýtjakdygyny nygtaýar. Mundan soňky wakalar şol hakykaty aýtdyrýan çaý bilen bagly bolup, ony içen öz içki pikirini daşyna çykarýar. Şeýle diýmek bilen awtor öz eserinde çaýyň gudratynyň güýçlidigini suratlandyrýar. Eserde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Drama we kino aktýory” hem-de “Drama režissiýory” hünäriniň 1-nji, 3-nji ýyl talyplary Döwran Saryýew-Myrat aganyň, Gülälek Jumaýewa – Bossanyň, Ogulgöwher Öwezmuhammedowa- Näzigiň, Perhat Babaýow-Şüküriň, Şemşat Hojaýewa-Jemalyň, Kemal Annaýew-Keltäniň, Gurbangeldi Rejepbaýew-Lukmanyň, Jennet Mämmetsöýünowa-Enäniň ruhunyň ýatda galyjy keşplerini döretdiler. Eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini gowy suratlandyrypdyr.

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY

Garaşylýar..