«Söýgi bar ýerinde»
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Söýgi bar ýerinde” ady bilen sahna eseri goýuldy. Bu dramanyTürkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşikow sahnalaşdyrdy. Sahna bezegini suratkeş Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Juma Berdiýew, saz bezegini Serdar Kerimow, yşyk bezegini Myrat Batyrow ýerine ýetirdiler. Sahna eseriniň awtory Güseýin Mukdarow.
Wepa Aşgabat şäherinde ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryň arasynda bolup geçýär. Bularyň hemmesi bir institutyň talyplary. Spektakylyň içinde iki sany ýaş juwanyň päk söýgüleri beýan edilýär. Şu iki sany ýaş juwanlaryň üstü bilen olaryň ene-atalarynyň ýaşlykda dürli sebäplere görä paşmadyk maşgala durmuşy amala aşýar. Şu spektakylda hereket edýän üç sany wäşi başarjaň oglanlaryň keşbi aýdyň suratlandyrylýar. Baş keşpdäki Aman bilen Gunçanyň päk söýgüleriniň amala aşmagy üçin şu spektakylda hereket edýän wäşi oglanlar dosluk kömeklerini gaýgyrmaýarlar. Gunçanyň kakasy Bazar Päliwanow ýaşlaryň mukaddes söýgülerine garşy bolup durman özüniň razyçylygyny berýär. Spektakylyň dowamyndaky bolýan dürli päsgelçilikleri ýeňip, ýaş juwanlar we olaryň ene-atalary öz maksat myratlaryna ýetýärler. Eserde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Drama režissiýory” hünäriniň 4-nji kurs talyplary Mekan Durdyýew-Myrat aganyň, Çemen Maşadowa-aýalynyň, Merdan Nazarow-Dädebaýyň, Pena Arazdurdyýew-ussanyň, Mahym Nuryýewa-Näzigiň, Lälezar Saparowa-Döndüniň, Annasoltan Garlyýewa-Dürliniň ýatda galyjy keşplerini döretdiler. Eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini gowy suratlandyrypdyr.