«Janly heýkeller»
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Janly heýkeller” ady bilen täze sahna eseri goýuldy. Bu dramany Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy A. Işangulyýew sahnalaşdyyrdy. Sahna bezegini suratkeş Dünýägözel Durdyýewa, saz bezegini Serdar Kerimow, yşyk bezegini Ataýew Orazmuhammet ýerine ýetirdiler. Sahna eseriniň awtory Aýmämmet Işangulyýew.
Spektaklyň esasy temasy ýaşlarň söýgüsi barada. Awtor bu eserini komediýa görnüşde ýazypdyr. Spektakl ýaş heýkeltaraş barada gidýär. Heýkeltaraşyň keşpini ýerine ýetirýän oglan heýkeltaraşyň ussahansynda işläp başlaýar. Ol işlän döwründe bir gyza aşyk bolýar. Ol öz ene-atasyny gyzyň öýüne sawçylyga göýberýär. Gyzyň kakasy we ejesi oglanyň kärine göwünleri ýetmänsoň gyzyny bermejek bolýar. Oglan ýaş bolsada öz kärine ussat şonuň üçin gyzyň kakasynyň we ejesiniň göwnüne ýaranjak bolup birnäçe heýkeller ýasaýar.
Ýaş heýkeltaraş oglan gysga wagtyň içinde janly adamlara meňzedip goýýan heýkelleriniň ýerine ussahanada dört sany hakyky heýkeli ýasap welaýatda görkeziljek sergä ýetişdirýär. Umuman oglanyň talandyna göz ýetiren gyzyň ejesi-kakasy oglana gyzyny bermäge razy bolýarlar. Netijede oglanyň ejesi-kakasy ýaş juwanlaryň uludan toýuny tutýarlar.
Eserde türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Drama we kino aktýory” hünäriniň 3-nji we 2-nji ýyl talyplary: Şarlyýew Ata - Myrat Meredowyň, Anaberdiýew Nazar-Täçmyradyň, Hojaýewa Şemşat-Muzeýin direktornyň , Selimow Nurnazar-garawulyň, Geldimyradow Hojaberdi-Sezaryň, Tagandurdyýew Myrat- Garajaoglan, Annaýew Kemal-Mosartyň, Hanmämmedow Serdar-Göroglynyň, Häkimowa Tawus-obadaş aýalyň, Gurbangulyýewa Jennet-muzeý işgäriniň, Muhammetsöýünowa Jennet-telewideniýe işgäriň, Arabalyýew Döwranmyrat-teleoperatoryň, Pälwanowa Gülşat-tam süpürjiniň, Muhammedowa Ogulgöwher-polisiýa işgäriň keşplerini döretdiler eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini gowy suratlandyrypdyr.