«Amanat giýew»
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Amanat giýew?” ady bilen täze sahna eseri goýuldy. Bu drama eserini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň “Drama režissiýory” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Döwran Joraýew sahnalaşdyrdy. Sahna bezegini suratkeş Dünýägözel Durdyýewa, Grim işleri Derýagulyýewa Meňli saz bezegini Serdar Kerimow, yşyk bezegini Orazmuhammet Ataýew ýerine ýetirdiler. Sahna eseriniň awtory R.N.Güntekin.
Bu eserde bolup geçýän wakalary şeýlede awtoryň öňe sürýän pikiri babatda aýdanymyzda eseriň baş gahrymany adyndan belli bolşy ýaly Amanat giýew hilmi atly sada, dogruçyl, ak ýürekli oglanyň mydama şowsuzlyklara uçurap diňe kynçylyklardan halys ýadan sada oglanyň haly pes bolup lapykeç halda Parnak atly jalaý oglana duşup olam ony öz ýany bilen, zorluk bilen diýen ýaly ogurluga itekläp olam bir edip görmedik zadym ogurlykdy belki maňa bagt getirer diýen pikir bilen gelýär.Bular bir howla girýärler welin, oda bir aldawçylyk hile-prim bilen bergä batyp ýören maşgalaň kreýne ýaşaýan ýerine gelýär. Ol ýerde bir perizat ak göwünli halys ýekesiräp öz maşgalasy bilen pikiri deň gelmeýän maşgala düşendigini aňyp ol gyzyň edil özi ýaly ak ýüreklidigini duýup aldawçy maşgalanyň şol gyzyň emlägine eýe bolmak üçin şerigatyň kada kanunlaryny oýnap ol pikiriň amala aşmak dogruçyllygyň, sadalygyň hemme ýerde özüniň aýratyn orny durmuşda barlygyny beýýan edip hakykat diňe dogry ýola barýandygyny ündeýär. Iň soňunda hemmeler durmuşda sada we dogruçyl bolmagyny şeýle adamlaryň soňunda mydama gowy bagta ýetýändigini aýtýar.
Eserde türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Drama režissurasy” hünäriniň 3-nji ýyl talyplary: Muhammetaly Maksadow-Şeripiň, Eziz Gurbanow-Ymam ependiniň, Uzuk Nowruzowa–Rukiýanyň, Kerwen Meredow-Halylyň, Merýemsoltan Oraznazarowna-Melegiň, Orazgül Myllykowa Adila dudunyň, Alma Japarowa-Zöhräniň, Mergen Annabaýew-Hilminiň, Daýanç Balynýazow-Parnagyň, Akmyrat Gullyýew-Poçtalýonyň, keşplerini döretdiler eseriň dili çeper, esasy gahrymanlaryň häsiýetlerini
gowy suratlandyrypdyr.